Geçen bolar geçen, öňki
Sen bimessep adam bilen,
erkek bilen oňurgasyz,
aýal bilen sylag bilmez,
ejiz wagty oňuşsaň-da,
sypaýylyk gowy zatmyş,
emel ýetse, oňuşmarsyň,
ol özüçe tanar seni,
gorkusyndan ýumruk salar,
öňürdenden bolup, belki,
hem garaşar gaýtargyňa,
isleýänin etseň, ýalňyş,
görüp durkaň çekýär nirä,
saklanarsyň dişiň gysyp,
çekilersiň yza biraz,
gowşadarsyň dartgynlygy,
ötünç sorap kiçi dilden,
gorkuzmaýyn diýip beter
ol gomalar, geçirimli
boldugyňça artyp bady,
diýmek, üzür işlemeýär,
işlemeýär sözler diňe
adam bolsa kişiň ady...
Bes edersiň ýele gitjek
gürrüňleri, sypaýylyk,
bezeg bolan adamzada,
bes ediler, bolman moda,
ýüzün açsa goja dünýä,
maskalaryn döküp deňze,
duýgularyň saýlap, seçip,
iň geregin alyp, goýup,
galanyna hoş diýersiň,
köp gelime, gidimlere,
geregi ýok, boş diýersiň,
sylar seni bimessep soň,
görüp bilmez görjek diýse,
iş-aladam, haýyşym ýok,
diňe salam berjek diýse,
jogap almaz ýazanyna,
düşüp, belki, gazanyna,
ejiz görüp ýigrenenler,
ýüz bermeseň, sylar seni,
ygrarly bor, gorkar çünki,
ýöne saňa bildirmez ol,
geçen bolar geçen, öňki.