Kömek duzagy
Kömek etme betpygyla,
duşman boljak ertir hökman,
ýa ýok etjek ýuwaş-ýuwaş,
duzak gurup, gurup gapan,
süýräp gidip düşseň bir gün,
gan ýitirip, galar ýaly,
agzyň kepäp dagda, düzde,
özüň gora, şalar ýaly,
kömek etme betniýete,
taýak berip ellerine,
urar ýaly yzdan gelip,
ýa tutaryk – dillerine,
ýüzüň ýere salar ýaly...
Bu gowy däl, ýöne sana
sözleriňi aýtmazdan öň,
aýa çynyň, ýalanyňy,
ulanmasyn ýarag edip,
entetmesin azap etmän,
çagyrylsaň, gelseň oýlan,
seret çykyp gaýtmazdan öň,
müň ýoly bar ölüp-ýitmäň.
Barma ýakyn, el astyna,
gol astyna gül, çemenli,
berme çybyk kesip taldan,
ýa-da saýgyç eder ýaly,
ýylgyn gözläp, çykma çöle,
emsin diýseň enesin bol,
süser ertir düýnki göle.