Ölenleriň borjy ýok

Ölenleriň borjy ýok,
bergisi ýok ownuk, iri;
Bardy-geldi bolsa-da,
bermeli ony diri!

Günäkär bolmaýar ölen,
ýa hasabat bermeýär,
jogap bermeýär eden,
ýa etmedik işine,
jeza berjek ýok oňa,
ýumruk çenäp dişine...

Ölenleriň bergisi ýok, borjy ýok,
ha öleniň, ha-da diriň öňünde,
emma öleniň öňünde,
dirileriň borjy bar,
bergisi bar tükenmez;
Olar ölä bergili,
olar dirä bergili,
jogapkärçilik uly,
pikir etse, düşünse,
ýöne pikir etmek üçin,
düşünmek üçin bergiňe
biraz diri bolmaly,
öli bolman ölmäkäň,
diri bolsaň hem dirä,
hemem ölä bergiň kän!

Ölen ölýär, ýagşy, ýaman,
kim bolsa-da öleniň
yzyndan sögüp bolmaýar,
öwýärler tersine diňe,
gowudy diýýärler gowurak bolsa,
gowy bolsa, artykmaçdy diýýärler,
emma erbet bolan bolsa,
erbet diýip durmaýarlar,
sebäp mazar saýgylamak
mertbeden dälmişin,
ölene çytma gaşyň,
ölenleriň borjy ýok,
bergisi ýok hiç kime,
diri bergili diňe!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024