Iň esasy zat

Megerem durmuşda iň esasy zat
gözüne seretmek adamyň göni,
ýüzüne seretmek adamyň göni,
göwnüne seretmek adamyň göni,
hemem kömek soramak,
ak ýürekden, elbetde,
sag bol aýtmak kömek etse, etmese,
çünki onuň bergi-borjy ýok saňa,
ýöne şeýle bolýar, kömek etseler,
senem kömek edip bilýärsiň ile,
delalatyň degýär ejiz-egsige,
şondan kömek soramaly adamdan,
sebäp kömek alman kömekçi bolup,
il derdine ýarap bilmersiň uly,
adam adam üçin gul bolmaly däl,
emma bolman bolmaz kömegiň guly...

Sen adamyň göni gözüne gara,
sen adamyň göni ýüzüne gara,
hemem kömek sora, ak ýürekden, bek,
ynansalar gowy, ynanmasalar,
ýa müňkür bolsalar, kowsalar daşlap,
gynanma, ýoluňy dowam et, çünki,
käte kömek etmän ederler kömek!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024