8-nji Mart goşgusy

Enelere gynanýaň, çaga-çugaly,
gyzlara gynanýaň heniz çagaka
gurjak oýnan gelin bolup, çagasyn
ýatyrýandan bolup hüwdiläp süýji,
olar nesli dowam etjek doguryp,
emma ownan erkekler,
gara nebsiniň guly,
atyş-atyş, uruş oýnap ulalan,
ýokaryk galdykça ezjek ejizi,
hemem bir özüne diýdirjek uly,
aljak hem talajak eli ýetenin,
urjak ýa agyrtjak dili ýetenin,
hem ýalan sözlejek, görsene muny:
“Biz aýallar üçin edýäris şuny,
döredýäris jennetde ýok şertleri,
gören däldir zemin biz deý mertleri,
eneleri depesine göterýän!”
Hawa-da, dil bitenmişin öl ýere,
ýöne iň ýamany, eliňi çarpyp,
ýylgyrmaly talan diýende "berýän"...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024