Waşington, aerportdaky oýlanma

Işle, giden günüň yzda
boşluk galsyn garalyp,
gideniňi bilsinler,
bilmesinler ar alyp,
eden işleriň üçin;
işle, at gerek däl, gerek däl para,
bermesinler, paýlaşsynlar özara,
öwme öwmesizi öwüljek bolup,
ýa ýagşylyk etme ýagşylyk üçin,
diýme dile gelen ýüreksiz sözi,
zor bilen, ýalandan ýaşlama gözi,
kilim kakman, kireýine garaşma,
uzyn diýip, başgaň saçyn daraşma,
ogurlama ýa öýkünme özüňçe
bara, ýoga, herne bolsaň, özüň bol,
özüň gal halkyňa, kiçi ýa uly,
ortahal, ne bolsaň, bolşuňy galdyr,
işle, giden günüň bilsinler hökman,
işlemedik adam agdarlan saldyr...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024