Ýasyny ber iliň, alma!
Birazajyk adam bolsaň,
ýasyny ber iliň, alma,
toýuny ber iliň, alma,
görünsün ol görünmelä,
ýyk haýatyň, tekenli sim,
tüýtdi ili içden, daşdan,
alma artyk nälet daşyn,
gar gysganyp gara gyşdan...
Sessiz, iller oňýan bolsa,
edýän işiň soramasa,
güýji ýeten ursa, alsa,
ejiz özün goramasa,
unun berseň, tans etse il,
pikir etme, razy ol,
aldan bolma özüňi sen,
içiň doly güman, dowul.
Il sylagyň bolsa jinnek,
ýurt sylagyň bolsa jinnek,
ýa sylasaň öz-özüňi,
il öňüne çykyp aýdan,
özgäňki däl, öz sözüňi,
ýa sylasaň kanunlary,
gol çekilen, çekilmedik,
ýöne gelýän adam döräp,
ýasyny ber iliň, alma,
toýuny ber iliň, alma,
görünsün ol görünmelä,
ýaşy uzyn diýsin baryp,
täze dünýä gelenlere,
hossarlaryn, obadaşyn,
tanyş-bilşi görsün, barsyn,
ýatan ýeri ýagty bolsun
diýsin aglap ölenlere,
gözi ýolda galanlara,
ýasyny ber iliň, alma,
il içine dogmaz oglan,
soňy gelmez arman salma!
Ýaragy, topy ýok oň,
edinjegem bolmady hiç,
okuw barka, sowat barka,
dessan okan, belki, ozal,
ýa-da gören kino, oýun,
adam bilen gürleşýäris,
okap bilýän, bilýän diňläp,
ýa düşünýän diýip gepe,
pikir etme hemme tümmek,
sen bolarsyň beýik depe,
baýdak galgan üstünde täk,
beýlekiler galar entäp,
ýat illerde, gelmez diýme,
näme etjegin bilmez diýme!