Öldürilýäne gülme
Sen kem baha berme, gülme,
bir adama, kemsildilýän,
öldürilýän köpläp, döwlet
maşynynyň aşagynda,
biri bolup tomaşaçyň,
aglaýana gözüň ýumup,
agladýana eliň çarpma,
açyk ýa-da bukan bolup,
bu bir meýdan, gülli ýazda,
gyş gelende gidýän solup...
Ol bir adam, iki adam
galmaz ýeke teke bolup,
galmaz ýeke ýomut bolup,
ýa başga bir tiräň ogly,
görelde bor aljaklara,
bir gün ýerden galjaklara,
üstün kakyp, besdir diýip,
azat eder ili olar,
seniň ogul-gyzyňy-da,
bu gidişde gul bolmaly
agtyklaryň halas eder,
sen kem baha berme başga,
öz bolşuňdan etmän heder.