Surat

Ahlaksyz ahlak

Il gözüne, sözünde,
ýa işinde elmydam
bolan bolýan ahlakly,
gülen bolýan azana,
emel ýetip iki gün,
eýe çykyp gazyna,
nebitine milletiň,
seret, synla boluşyn,
düzüwmi öz niýeti.

Seret siňe, el berse,
ýa galdyrsa ýykylsaň,
ýa goldasa dilinde
öz ýurdunda ýesiri,
urulýany depeden,
gyrylýany garawsyz,
ýürekdenmi, nep üçin,
ýa görünmek isleýär
gowy bolup, aslynda
bar gaýgysy özüdir,
uzakçyl däl diňleseň,
galpy açjak sözüdir.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025