Soňky agy
Ozal sowet ýalany
ýeterlikdi gülmäge,
güýçli bolsaň, elbetde,
ýa aldyryp kelläňi,
aglamaga soňundan,
ýitirdim diýip dilim,
ilim bilen aramy,
aljak bolup gowy bilim,
ýoldaş bolup ýat bilen,
ýassyk, ýorgan paýlaşyp,
ýeke galyp gijeler,
has ýüregim gysanda,
karar gözläp arakdan,
soňra geldi bazar oýny,
biznes oýny, talantly,
akylly däl, ýaşyrman,
köçä çykan ogry ýaly,
taladylar sada bolsa,
obaly ýa şäherli,
gan ýaş geldi garakdan.