Ýakut hekaýasy
Ýakutiýa, Ýakutystan
almazly ýurt diýýärler,
altynly ýurt diýýärler,
başga-da kän baýlygy,
ýer astynda, bir kemi,
ýer üstünde ýoly ýok,
illeriniň haly ýok,
aly uly döwletiň,
hile, talaň, ýalan kän,
bu diňe bir oba derdi,
ýa hasraty bolsady,
düzelmedi şäherler,
düzelmedi döwletler,
bagly bolup adama,
bilim alan ýokary,
okap gözi ajygan,
tutup, bassa alýar ol,
ilki köwşüň bagjygyn,
asmaz ýaly özüňi
hem il gerek ezijä,
hem kör etmek gözüni.