Adam nadan bolsa
Gavin Nascimentonyň äheňinde
Eger adam nadan bolsa,
okamasa, öwrenmese,
ýagşy näme, ýaman näme,
ýa ýagtylyk, garaňkyda
doglup nadan ene-ataň
çykarmagy bilen eşik,
yza galan jemgyýetde,
münen saly bolan deşik,
has dogrusy – mündirilen,
ýüzen bolup, ýüzüp bilmän,
batan dilde öňe süýşüp,
gözün açyp bakman Güne,
dolan Aýa, ýyldyzlara,
ýiti, gözüň gapjak diýip,
ahyr ölse nadan, adat,
däbim diýip kaýyllyga,
nadanlyk bor adaty zat.
Soň olaryň ogly üçin,
gyzy üçin öwüt-ündew,
aldaw, hile bilim bolar,
göz baglamak bolar oýun,
bilet alyp geler olar,
näme diýseň ynanarlar,
alyp elden çöreklerin,
soň özleri getirerler,
iýmän etli böreklerin,
jenaýatça, barypýatan,
lider diýseň, atam diýip,
göteterler başlaryna,
gowulykda ýatlap ölse,
awy gatan aşlaryna,
ýa çyn diýseň her ýalana,
ynanarlar sorag bermän,
çünki bir däl, iki nesil,
ýa üç nesil, öz beýnisin,
öz kellesin ulanan däl,
ýa bozulan o ýer gaty,
ýykyp, gaçyp iliň aty...