Il sylagy
Maňa töhmet atyp döwlet,
metbugatda satyp bilse,
il aňyny, göz-gabagyn
sapak alman çatyp bilse,
çem geleni, islän wagty
türmesine atyp bilse,
bilenimi edýän diýip,
suwa ay gatyp bilse,
howa awy gatyp bilese,
aglatsa ol seniň ejeň,
aglatsa ol meniň ejem,
çagalarym, ýetim ýaly,
tomaşaçy bolsa millet,
diýip bilmän niçik halyň,
ertir ony bir, ikiden,
üçden, dörtden tutup, saklap,
töhmet atyp, gara jaýa
atjaklary belli, belki,
urup, ýenjip, aç ýa suwsuz,
hiç etmedik işlerini
etdim diýýän etjekleri,
öz-özüni ýazgarýança,
aglaýança toba edip,
guş üten dek ütjekleri
täzelik däl, garaşylýan,
bolmaly zat, boldy uzak,
bolar ýene, şek ýok munda,
maňa töhmet atan açgöz,
seni nädip sylar onda?..