Batga halky
Seniň arlyk döwrüň, dişsiz, emmeli,
aglamly döwrüň berilmese zat,
emedeklän, ýörjen-ýörjen günleriň
geçmez adam, biri gelip aşagyň
arassalar diýip, garaşsaň, ýatsaň,
ýa aglasaň ajygaňda, çaga däl,
men ullakan diýip, sesiň çykarman,
dilim bar, okadym mekdebe gatnap,
ýa-da wagtym boldy öýde açara,
kitap gatyn, žurnal gatyn, gaçara
ýer edinip gep-gybatdan ýokarda,
ele düşen zady alyp, iň bolman,
on bäş ýa-da ýedi minut her günde,
okap bolýar, galman gara batgada,
dogjak bolsaň, ýatjak bolman ýatgyda...
Bir gün adam aýna bakyp özüne,
ýüzlenmese göni garap gözüne,
ulanmaly bilimimi, düşünjäm,
besdir, ýeter çybyn, çirkeý gemirdi,
goramaly öz siňegim diýmese,
ysmazdan ne tapawudy bar onuň,
bolýar, söz ýok, oňýan bolsa iýmese.