Durmuş gözel, adamlaram owadan

Goşgy ýazmak käýinmek däl durmuşdan,
ýa-da keýpden çykmak birlerin döwüp,
çyn goşgy berilmez zeýrenje, gama,
at gazanjak bolmaz bolmaza sögüp.

Durmuş gözel, adamlaram owadan,
siňeje seretseň, başarsaň görüp,
olar adam boljak bolýar her halda,
maddylaşan dünýä döşüni gerip.

Parhy näme tanyş ýa-da nätanyş,
hemme meňzeş aglanynda, gülende,
hemme gowy bolup galmak isleýär,
hemem gowy diýilmegin ölende.

Ejizlik bar, peslik-de bar ýeterlik,
emmaki beýiklik has artyk, aýan.
Durmuş bir suw akyp barýan ýapaşak,
saklajak ýok ony erkek ýa baýan.

Sen ony ýigrenme ýeňilen günüň,
ýeňen günüň diýme ýeňilen gedaý;
goşgy ýazmak käýinmek däl durmuşdan,
belki ony söýmek göýä bir hudaý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024