Halk hilesi

Öz-özüni ýok edýän il,
düzüwlerin gysyp, basyp,
beýtmäň diýseň, gaty görer,
her zat diýip gargar saňa,
diýdirer gaç ümdüziňe,
garaňkyda galdy diýmän,
beýle aty batly bolsa,
ýetip bilse, çyksyn daňa,
ýagtylyga ogul-gyzy
okap ýa-da diplom alyp,
seň aýdanyň ýalňyş bolsun,
özüň aldap, göge galyp
bolýan bolsa, bary galsyn.

Öz-özüni dargadýan il,
gaty görýän beýtme diýseň,
gaç içinden bolmanka sil,
gahar sili bir-birine,
ýigrenç sili bir-birine,
bahyllygy, başa giden,
alyp gider düýrüp ýogsa,
hiç bir dogan doganyny
halas etmez dogan bogsa,
doganoglan bogsa gelip,
ýa çykanlar, ýa ýegenler,
il ömrüni sowsa gülüp,
öz gazanan puly ýaly,
saklap bolmaz bile-göre,
halk özüne salsa aly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025