Uly dogan hassalygy
Eger-de il azat bolsa,
erkin bolsa hakykatda,
kimse bilmez başyn aýlap,
oglan ýa gyz, ata-baba,
gan dökülen ýodalary,
öz ýoluny özi saýlar,
bermez ony hiç goşuna,
topun, tankyn güjeňleýän,
müň tarapdan öwsüp günde,
özi erkin ýaşamadyk,
öz ýurdunda tussag bolan,
düşünmez hiç erkinlige,
gerek däle sen bu ýerde
bol özüňe uly dogan,
dünýä belli bolan şerde...
Eger-de il azat bolsa,
erkin bolsa hakykatda,
gul bolmasa içi zynjyr,
gandal bilen doldurylan,
biler özün, duşmanyny,
tanar ýakyn bilen ýady,
ýaralaryn ýalap, ýuwup,
gatan ganyn asyrlaryň,
öz taryhyn özi ýazar,
özi saýlar dilin, dinin,
öz ýurdunda, öz öýünde,
gorkup ýa-da galpyldaman,
nämedigin bilýän bolsa,
soramagyň pesden aman,
goşun çekip gelen daşdan,
garan halkyn gara guma,
azat ogly azat iliň,
ganymyna bolmaz gama.