Imperiýa hasraty
O pahyrlar, ozal beýik,
tas dünýäni alsam diýen,
indi birden diňe berseň,
getirleni iýip doýan,
ýa ýurt daşy bar arzuwy,
gowy nahar bişýän ýerler,
bolsa gitjek bary çykyp,
garny, gözi ajygyp has,
açýar ýüzün, ýüregini,
gürrüň etse, başga hannas...
Boýun alýar arasynda,
çäýnegini, çemçesin däl,
çüýüni-de öndürmeýän,
ýöne topy, tüpeňi kän,
peselen il bolupdyr, wah,
öň bilmändir şäherlerin,
ýol-ýodasyn gurýarkalar,
mebellerin ýasap gowy,
biçýärkäler eşiklerin,
toý-meýlisde geýjek çişip,
gidipdir bar işin eden,
ozal bir däl, gelen üýşüp...
O pahyrlar, ozal beýik,
boldy birden gara keýik,
top-tüpeňin patyrdadyp,
gaçyp gitdi özün sylan,
o tarapdan, durmuş näme,
sylag näme görkezenler,
indi gelýän bu tarapdan,
gara işçi, ösen däl, pes,
adam döräp şeýle mydam,
hiç özüni tanamaz mes.