Sen özüňi ret etme!
Sen özüňi ret etme!
Başgalar ret etseler,
itseler döşüňden üýşüp,
gülseler üstüňden ýa-da
gep topuna tutsalar,
diýseler dile almasyz
agyr sözi ýüzüňe,
ýa arkaňdan ursalar,
sen özüňi ret etme!
Eger özüňe ynansaň,
bilseň ýagşy-ýamany,
hem seni ret edýäniň
diňe seni däl, özün,
geçmişin, şu günün,
geljegin hemem
ulus ilin ret edýänin bilseň,
sen özüňi ret etme!
Dogry, işden,
ýurtdan kowup bilerler,
öldürip bilerler yzyňdan gelip,
yzda galanlaryň ezerler soňsuz,
hemem bir gün ýaşy ýetip,
okap-düşünjek nesliň
beýnisini ýuwarlar,
tutmazlar ýaly adyň,
ýa ýigrener ýaly “gaçyp gideni”.
Emma sen ýigrenme ret edeni!
Çünki pesiň pesligine goşulmak,
ýa pesligi gaýtalamak başgaça,
eger-de seretseň giň açyp gözüň,
ret etmän ret etmekdir özüň.
Dogry, her diwara kelläňi urup,
ýarar ýaly üýşüp ýatan başyň ýok,
ýa ganyň ýok döküp-saçyp ýörmäge,
ýa iýmäge soňy gelmez aşyň ýok;
emma düşün, ýanýan bolsaň ýamana,
bir gyrada durup bilmersiň bakyp,
sen özüňi ret etme hiç haçan,
öz-özün öçürer özünden gaçan!