Praga içgepletmesi
Aşgabat, men bagyşlaman özümi,
hemem, meger, aklanmaryn hiç haçan;
Seni ak mermerden gorap bilmedim,
depäňden gara gün, daş bolup gaçan!
Ne goradym öý ýykandan üznüksiz,
gaýtarma dek ýüzügine guwanan;
ne durdum kän gara ýürek öňünde,
boýdan-başa ak reňke suwanan.
Men bardym hem bakyp bilmän ýüzüňe,
uzak durman gaçdym dogduk Tejene;
Mazaryna başym egsem hem “geçir” -
diýip bilsem kaýyl bolup ejeme!
Ýok, men saňa ogul bolup bilmedim,
ýogsa ogul berdiň, gyz berdiň gerçek;
Men seni dört zürýadyňdan aýyrdym,
dört gerçekden, seniň üçin jan berjek!
Olar meniň üçin gitdiler, ýogsa
ne goşgy ýazdylar, ne-de bir kyssa;
Aşgabat, men bagyşlaman özümi,
tä ölýänçäm iýer içimden gussa...