Pyragy bilen söhbet
“Terhosym bar, gel, terk eýle sözüňni,
Nägä gerek, hyrydary bolmasa.”
Magtymguly
Hyrydar diýilýän kyn eken, şahyr,
ýöne nätjek, terk etme kyn sözüňni;
Sebäbi sözüňni terk etmek diýmek
orta ýolda taşlamak bor özüňni!
Bilýän, muny gaharyňa aýdansyň,
“Gaýraty kem bolar gahary azyň!”
Pyragy, biz sözden agtardyk kemal,
sözden tapjak bolduk dirilik sazyn.
Dogry, soň aňladyk, aňlamaz aşa
kän ekeni aňlajakdan, bilerden;
Bizi içimizden opurdy nadan,
ýygyn çekip, gelmediler ilerden.
“Ýamanyň zyýany iline ýeter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez”,
Biz senden soň tom-tom kitap çykardyk,
meger, bary ýeke sözüňe degmez.
Seň diýeniň bolýar, görýäs, alaç ýok,
her adamyň namys-ary bolmasa;
“Bibat olup, döner Lutuň şährine,
Her ülkäniň häkim äri bolmasa.”
Sen muny, gör, haçan aýdyp gidipsiň,
gör, haçan ýanypsyň şu günki oda;
Bizi şalar başarmady ýok edip,
şahyrlar entetdi çyrşaýan oda...
Seni ýakan “adam tilli haýwanlar”,
söz aňlamaz hem ykrary ýok asla;
Gör, bizi ýene-de näçe öldürjek,
toslama üstüne toslama toslap...