Esasy problema
Bilmeýäniň bilmeýänin
bilmeýäni geň däl, dogry.
Sebäp bilse bilmeýänin,
biljek bolýar adam ogly.
Eger ol biljek bolmasa,
düşünmese ýa düşünmek
islemese gepe, söze,
hem aýdanyň görüp gaty,
gum peşese ýüze-göze,
nädip kömek etmeli,
soradym bir gojadan.
Diýdi: “Hazir bilmeýäniň bilmezlik,
ýa bilýäniň bilmän bolmaklyk moda;
Bes et indi senem kebelek ýaly,
ýagta aşyk bolup, ýanmaňy oda!”