Surat

Baýramsoltanyň doglan gününe bagyşlanan goşgy

Ýör, gideli, Baýram hanym, Watana,
Bizi indi KNB tutjak bolmaýar;
Olar indi akyllandy azajyk,
Olar indi, meger, bizi goldaýar.

Dogry, käbirleri diýýär: “Garaşyň,
Gelmäň entek, sowulanok hatarlar!”
Daşarda birisi ýalbarýar: “Gitme,
Baran günüň mergen tutup atarlar!”

Walla, oka pul berenňe degjekmi,
Kime gerek biziň gara başymyz?
Ýene bir zat, aýan ahyry Alla,
Biz diňe halallap iýdik aşymyz!

Eger-de ýetimiň, naçaryň hakyn,
Ejiziň rysgalyn ogurlan, alan
Soňsuz döwran sürüp geçmeli bolsa,
Hak, hakykat diýmek owadan ýalan!

Elbetde, biz ol ýalana aldanan
Iň ilkinji, ýa-da soňky jübüt däl,
Baýram hanym, ýör gideli, Watana,
Biziň ýoldaşymyz boldy, bolar päl!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019