Ýat ildäki iki erkek
Iki erkek, ýat ülkede geň görnüş,
kelisäň ýanynda durdy namaza;
ýoldan barýan ötegçiler üşerdi,
kimi çala gowşap, kim basyp gaza.
Biri gartaň, beýlekisi ýaş entek,
emma haka yhlaslary deňeçer;
ýokardan Gün hanjaryny uzadyp,
Alla sygnanlary etdi garader.
Durdum, pikir etdim, säherler turup,
gör, niçe ýyl ýaş dökmedim gözümden?
Şolarada namaz tamam boldy-da,
ýaş mysapyr derin syldy ýüzünden.
Emma ol görmedi jübüden gaçan
kagyz puly, elýaglygyn alanda.
Gartaň erkek çildi puly bildirmän,
hem kisede bukdy ýerden galanda...