Mamla boljak bolma hemişe, soňsuz
Mamla boljak bolma hemişe, soňsuz,
bimamla bol, bimamla gal, kabul et
eňlişiň, ýalňyşyň, ýetmeziň käte,
şonda özüň bagyşlamak başardar,
(ýa başgalar taşlar basyldy diýip),
başardar aňlamak adamdygyňy
çig süýt emen, käte nebsine ejiz,
kän gürleýän, aş gatyklap dahanda,
öz-özüni söýýän aşa, artykmaç,
hemem “diňe men bar - diýýän – jahanda!”
Mamla boljak, juda bolman görünjek
bolup heläk bolma soňsuz, hemişe,
bimamla bol, bimamla gal, garşyda
duran mamla bolup, gaýşarsyn käte,
diňe özün görýän, özün eşidýän,
öz-özüni ýeňen gahryman bolma,
mamla boljak bolma hemişe, soňsuz,
mamladyryn diýme, sebäp iň nadan,
iň samsyk hasaplan adamyň mamla,
has aňyrdan görýän bolmagy mümkin,
ýene ýeňiş mamla bolmak däl diňe,
bagtly bolmak, belki, seretseň siňe!