• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Meniň gorkym

Iki-ýekesi bolmasa,
ýa bolmasa paltasy
daşa degen ymykly,
olar gaçýar dogry sözli adamdan,
öňünden çyksa-da sowulyp geçýär,
ýa-da zordan salamlaşýar ysgynsyz,
mejbur bolsa birden pete-pet gelip,
olar dogry sözden, dogry sözliden
öler ýaly gorkýar, çekinýär ýaman,
agyrdar öýdýärler bir ýerin erbet,
emma nirde ile belli messepsiz,
ogry-jümri bilen el-ele berip,
toý-baýramda gülüşmekden utanman,
wezipeli, pully bolsa, kim bolsun,
baryş-geliş gurýar, gatnaşýar dynman,
para berip ösen, hem para alyp,
saklanýan hem iş bitirýän bolsa, iň
arzylysy bolýar emeldar iliň,
şeýdip ýurdy itip içine siliň,
goş basýarlar ogry gözliň ýanynda,
dogry sözli galýar it-guş sanynda,
gorkýan, dogry galyp aýak astynda,
galplyk aljak ili, bürjek hem ýykjak,
köplük gezse öz-özüniň kastynda...

  • 10.10.2013
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019