• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Jogapsyz sorag

“Aýazhan, sen çarygyňa bakarak!” –
Diýip gadymlarda bir han özüni,
Gözi ýer görmejek hala ýetende,
Ýa-da aýagyny üzende ýerden,
“Sen hudaý!” diýene diýip: “Men bende”,
Adyn asyrlara ýazyp gidipdir,
Şeýdip azmazlygy wesýet edipdir.

Adam bolup galjak bolsaň eger-de,
Hatda azdyrlaňda azmajak bolsaň,
Müň dollarlyk köwüş berseler peşgeş,
Penjek, balak, galstugyň, köýnegiň,
Türsük-maýkaňa çen ýüpekden bolsa,
Nepisinden nepis edip tikilen,
Müň däl, on müň dollar, ýüz müň bolsa ýa,
Millionlap dollara durýan maşyny,
Gämini, uçary berseler sowgat,
Ata-babaň çarygyny, çokaýýyn,
Ýa-da ýyrtylýança garalap geýen,
Aşagyn çüýleden sowet köwşüňi
Ýatylýan otagda assaň diwardan,
Toba etdirermi, düşirmi aşak,
Bu soraga jogap tapamok, walla,
Näçe oýlansam-da ýeňsämi gaşap...

  • 14.09.2013
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019