Nadan kimdir, biler bolsaň...
Nadan kimdir, biler bolsaň -
Watanyna seretmez hiç,
Seretmez hiç enesine,
Atasyna seretmez hiç,
Seretmez uýasyna,
Aýalyna, gyzyna...
Eger biri ýüregini sözlese,
Ilim diýip, galjak bolsa dyzyna,
Ýok edilen hakykaty gözlese,
Onuň enesine, öz enesine,
Onuň uýasyna, öz uýasyna,
Garry-gurta, çagalara ezilen
Elin berjek bolsa agyr ýagdaýda,
Nadan oňa kömek etmäň ýerine,
Yza gaçar, bukular dar çukurda,
Hem garaşar, gerçekçini ursalar,
Göwün solpusyndan çykar hikirdäp.
Şo gidişde ilim diýen ýykylar,
Okdan ýa taýakdan ýeňseden degen,
Gelip bilmez ýanna dogan ýa ýegen,
Şonda ilki bolup aýaga galyp,
Nadan daşda durup näletlär ony,
Ýöne getirseler ýanyna tutup,
Bakyp durup bilmez gözüne göni...