Meniň ejem

Meniň ejem, Ejem meniň,
Gözün ýola dikip giden!
Men bararyn bir gün, emma
Tapman seni öýümizden...

Tapman seni mellegmizden,
Üzümleriň arasyndan;
Tapman seni narly pelden,
Ýa-da jaryň gyrasyndan.

Eliň çermäp, mallaryňa
Iým berşiňi görjek borun.
Sygyr sagan, düýe sagan
Ýataklarňa aýlanaryn.

Tamdyryň başynda durup,
Gyzgyn nany suwa basyp,
Garaşaryn bereriňe,
Ümsümlige gulak asyp.

Seň eliňden çykan ýorgan,
Düşege çümerin agşam.
Hem diýerin içden, sessiz:
“He-heý, ogul bolduň ýagşam!”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019