Idea
Jaň etdi birisi agşam,
“Ideam bar - diýip - gyzyk.”
Gürrüň berdi gören düýşün:
“Göriplige garşy durjak
Gurama gurýarys üýşüp!?”
“Eger göriplik azalsa,
Halal, zehinli ogullar,
Gyzlar galardy ýokaryk;
Örüsi daralyp şeriň,
Beýle köpelmezdi garyp!”
“Talaňçylyk, diktatura
Dogýar - diýip – göriplikden!”
Ol uzyn takal okady.
“Anti-Görip Komiteti -
Diýdi – bor şeriň nokady!”
“Munuň üçin ilki-ozal:
“Baş duşman bahyllyk” diýip,
Herkes öz-özüni yrsyn;
Soň sözünden dönmesin hiç,
Göriplige garşy dursun!”
Diýdim: “Walla, gowy pikir!”
Diýdi: “Gerek goldawçy kän,
Ýekelik öýümiz ýykdy.
Jaň etdim on-on bäş kişä,
Emma ýary görip çykdy...”
()