Ýalan hem galla

Diňe islän zadyň aýtsalar gelip,
Islemäniň ýygşyrsalar, buksalar;
Diňe islän tansyň etseler gelip,
Ýek göreniň üýşüp-köpläp ýyksalar,
Pikir etme dik duraryn hemişe,
Hem awumy aljak bolmaz elimden;
Diňe islän zadyň aýdýan, bilseň,
Ne parh eder iki ýüzli gelinden?

Ýagşy, ýaman, çapak çalsalar diňe,
Hemem ters işiňe diýseler düzüw;
Ynanma sen beýle dosta, ümsüme,
Olar seni halta gapgarýar büzüp,
Soň böwrüňe depmek üçin mazaly.
Gorkma gorkýan zadyň aýdandan, walla,
Iýip galyp bolsa ýalany, aly,
Adam gan-der saçyp ekmezdi galla...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024