Halk tagzymy

Hiç bir tussag adalatça,
urdular ýa gynadylar,
sakladylar aç-hor diýip,
talap alyp çöregimi,
diýdirdiler diýmejegim,
iýdirdiler iýmejegim,
ýalan edip höregimi,
garda, gyşda buýdurdylar,
uýdurdylar, taýak dini,
aýak dini maýyp etdi,
depäm deşip, gözüm açyp,
seretmäge hetdim bolmaz,
gaýratym ýok diýip indi,
arz etmedi hiç bir bendi,
hiç şikaýat etmediler,
tussaglar däl, hemme bilýär,
näme bolýar açsaň agzyň,
ýaşa uzak, adalatçy,
halkyň saňa edýär tagzym!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025