Paralleller

Ogurlyk içinde, talaň içinde,
Bala çümüp ýaşan düşünmez saňa;
Ol saňa öýkeli, öçli diýer hem
Başarsa tozadyp, gömjek bor çaňa.

Alym, berim bilen beýgelen, gülen,
Garyp iliň basyp ýaşan gözüne,
Ýykylanam bolsa öňki ornundan,
Hiç düşünjek bolmaz seniň sözüňe.

Tersine, ýyrtylan toruny sepläp,
Özi ýaly nöker toplar daşyna.
Sen oň syrtmagyny gowşatjak borsuň,
O çekiler täç geýen dek başyna...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024