Dermansyz dert

O döwletde, bu döwletde,
uly, kiçi, kemçilik kän,
ýalňyşyk kän, ortalykdan
urýan mydam ýeterlik bar,
talaňçylyk, ýalançylyk
alyp gelýär gowga mydam,
açyk ýa-da ýapyk uruş
dowam edýär bolsa adam,
ezijiler, ezilýänler,
daşdan görseň gowy örän,
düzüw pikir, niýetleri,
a ýakyndan - bary ýadan,
bir-birinden bolan bizar,
gorkup ýa-da müňkürlikden,
bir günlük däl çykylan ýol,
iki gün däl, biraz uzak,
adam päli, niýetleri
bir-birine bolýar duzak,
bary hassa, ol eýleki,
bu beýleki diýýär ogry,
emma diýmek hatar mydam,
egrä egri, dogra - dogry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025