Gutulanyň türmesi
Bu türmäniň gapysyny,
görmän dogry etdi olar,
öz işleri bilen bolup,
ümsüm çykyp gitdi olar,
okadylar, öwrendiler,
başga ýerde başga durmuş,
habar gelýär käte yzdan,
ol işinden kowulanmyş,
bu işinden kowulanmyş,
basylanmyş türmä pylan,
a pylany ölenmişin,
a pylanyň ogly gaçyp,
pylan ýurda gelenmişin,
çekeräk dur, gazan kileň,
garalary ýokuşmasyn,
sowulyp geç görseň ýolda,
ýaralary ýokuşmasyn,
dogry, käte gürleşilýär,
özüň ýaly, güni gowy,
hem görmedik türmeleri,
urulmadyk, depilmedik,
çeke duran gepden mydam,
hemem nätjek, senem adam,
gynanýarsyň diýdi biri,
bolýan zatlar akla sygmaz;
bu türmäniň gapysyny
görmän dogry etdi olar,
öz wagtynda, ýa soňundan,
çykyp, çykyp gitdi olar,
emma halas boldumyka,
hapa girmän galdymyka,
bu bir sorag, jogaby ýok,
biri bilmez, biri biler,
ýöne her kim özi baryp,
öz türmesin gurup öler.