Kanun duzagy
Işlemeýär kanun diýip,
zeýrenýän kän, bu ýalandyr,
kanun bolsa işleýändir,
işledýändir ony bilýän,
ýa eline alan çala,
özi üçin, il üçin däl,
gürleňgüjük bolup oýnan,
işlemeýär kanun diýip,
sen özüňi otda goýma,
köze salma gara başyň,
gutarmajajk bolsaň gaýnap...