Armanly halk
Olar seniň ýurduňy
öwürmeli zyndana,
gorkusyndan, hars urup,
jennet gurup özüne,
belki, dowzah, bilseler,
ynjalyk ýok sütemde,
zorlugynda döwletiň,
alada bar, gülseler,
ünji duýlar her demde,
sen sesiňi çykarma,
ýogsa erbet bolarsyň,
oňuşyksyz diýerler,
eneň, ataň agladyp,
galan ömrün iýerler,
sapak edip millete,
özi jaýlan dirikä,
iň owadan niýetin...