Gelnen ýer
Adam okap, ýazyp bilip,
okap, ýazyp bilmese,
okamasa gerek zady,
ýa-da okap, düşünmese,
ýa düşünip, düşünenin etmese,
diňlemese gürrüň etseň,
dogry gürrüň, gerek gürrüň,
gykylyk däl, galmagal däl,
eşitmese diýýän zadyň,
jogap bermek üçin diňläp,
aýdýan zadyň aňlamasa,
islemese aňlamagy,
Alla bardyr, kysmat diýip,
gülen bolsa boýun alman
ýagdaýyny, gelen ýerin,
ýakynyňam bolsa düşün,
galdyrmarsyň eliň berip...