Adalat duzagy
Aý, adalat ýog-a diýip,
iň bolmanda ýerden turman,
oturanyň bolmaýar,
bolanda nä ministrlik,
hukukçylar, diplom alan,
gazanç etmek üçin gowy,
kanunlaryň arkasyndan,
arkasyndan dymýanlaryň,
ýurtda galyp, ýa-da gidip,
talaýarka döwlet başy,
nökerleri ýurdy günde,
güýji ýeten basgylajak,
görüp, bilip iliň halyn,
gürleşmäge bir adam ýok,
ýagdaý agyr, düşünýärin,
hemmeler ak gürleseler,
beýlekiler gara diňe,
aý, adalat ýog-a diýme,
ol basgylap ýan bereni,
duran bilen dyza galyp,
süýşer ýuwaş-ýuwaş öňe...