Il tejribesi
Sen iliňe kast etjekmi,
ýigrenýärmiň halkyň şeýle,
ýa gorkýarmyň bilip eden
jenaýatyň, bir, iki däl,
günäň barmy geçilmesiz,
ýa bolmasyn diýseň güýji,
eli ýetmez ýaly maňa,
meger, şeýle edilmeli,
tämiz, sagdyn ýigitlerin,
gyz-gelnini işsiz goýup,
ondan oňa, mundan muňa,
beterinden beter tapyp,
gaçar ýaly etmeli sen,
ýol tapjagyň öňün ýapyp...
Sen iliňe kast etjekmi,
entetjekmi, ýurtsuz ýaly,
meger, şeýle bolmaly bu,
bäş-alty ýyl, ýa has uzak,
ýat illerde ýada dönüp,
gelse geler, galsa galar,
içip, çekip, nirde arzan
çörek iýip, dertläp içden,
ýa uruşda, galmagalda,
ölse ölsün, maňa näme,
diýýän bolsaň, ýa begenseň,
tutdy diýip ili päli,
meger, döwran sürmeli sen,
gapyl basyp sil dek ili...
Sen iliňe kast etjekmi,
meger, şeýle edilmeli,
agzy, burny dolup türmäň,
ýykylmaly öý, ojaklar,
a soň açan bolup gapy,
goýbermeli surnugany,
ýa içerde, ýa daşarda,
ýesir bolan geler aglap,
ojagyna, gözi girýan,
ýöne hassa, uzak galmaz,
çagasyna çörek berýän...
Sen iliňe kast etjekmi,
meger, şeýle edilmeli,
eli galam tutanlaryň
bary ýazyp, ýalan-ýaşryk,
ýa ýazýanyň roluny
oýnamaly gaşyn çytman,
bu teatr, oýun soňsuz,
hem soňy bar, garaşýan kän,
hem diýýän kän bizi alan
siller size gelmezmikän...