Şygar duzagy
Jebislik hakynda, birlik hakynda,
gaýtalanýan iň owadan şygarlar,
gowy wada abadanlyk hakynda,
ýa kanunlar, deň bolmaly bar kişä,
o birine, bu birine mal, dünýe,
talaňçylyk berse soňy gelmeýän,
uran ýaly kerwen ýolun garawsyz,
beýlekiler çörek zary, suw zary,
ýurt içinde, ýurt daşynda sermense,
tapan işin edip iki köpüge,
hassa bolsa, biwagt ölse adamlar,
ogurlyga eli barman kösenip,
ýetim galsa müňläp çaga her ýylda,
uruş barýan ýaly, asuda asman,
näçe gygyr, asuda däl, açyk däl,
ýöne şeýle pikir etseň il bolup,
öz saýlanyň, haýyr barmyş her şerde,
adam bardyr, ysmaz bolar gorkudan,
adam bardyr, kuwwat tapar hederden...