Şahyr çykalgasy
Aklawçylar puluň alar,
talar seni mümkin bolsa,
ýöne aklap bilmez olar,
garşydaşyň güýçli bolsa,
döwlet bolsa tarapynda,
ýa beýleki gara güýçler,
hakykat bar, adalat bar,
kanunlar bar diýip bilme,
gülme, halyň aglamaly,
il-ulusa seret, neden
susýar diýdi öňki şahyr,
lal bolan dek, bütin ömri,
gidenden soň diýdi biri,
her kim dilli, gürleýär-dä,
ogurlardy bizden gije,
gutaranda gyşda kömri...