Milli çukur
Halk özüni çuň çukura taşlady,
elli ýyllap iş edinip, gysganyp,
hukuk fakultetin biri-birinden,
soň beýleki ugurlary, bilim däl,
tanyş, biliş bilen eýelän millet,
ogul-gyzyn, öser ýaly ösmän kän,
taýýarlajak boldy alym-berime,
azap etdi, zähmet çekdi, armady,
içden diýip ''maksat jandan ileri'',
kanunlary, däp-dessury, ahlagy
aýagasty eden ilim, edenli,
köp bilýänden bolup güldi ýalandan,
bu gün görýär, çörek berjek ýok ýeke,
arasynda gowy diplom alanlaň,
talajak kän bir-birin başarsa,
giden gidýär, gelip ýurdy görjek ýok,
goýberjek ýok yzda geljek bolany,
sowatsyzlar sowatlyny ýok edýär,
gelen diýýär sypsam gelmen dolanyp...