Sapar petigi
Güýçlümişin, dil tansyn
etmelimiş öňünde,
eger ýaşajak bolsaň,
adam ýaly ýa çörek
tapsaň bolup razy,
dymmalymyş balyk dek,
çünki onuň elinden
gelmeýän zat ýokmuşyn,
eger öwüp, ýallaklap,
orden alyp bilmeseň,
gedem ýa-da samsyk sen,
düşünmeýän durmuşa,
özüň urup daga, daşa...
Ili gorksa, gorkuzsa,
bolýarmyşyn, ýesermiş,
millet dymsa, gowumyş,
okamasa, bilmese,
ýa bileni, biteni
gazetlerde aýdylan,
ýok edilen žurnalist,
ýok edilen şahyrlar,
gynanmaly iliňe,
biri bolup pahyrlaň...
Okan, ösen iller däl,
işleýän däl iş tapyp,
ýa açynyp öz işin,
ekleýän däl çagasyn,
salynýan däl abat jaý,
düzüw ýaşap, başy dik,
garyp düşen gowumyş,
edip aýdylan işi,
çärelere gatnaşyp,
ýa tutulyp, talanyp,
eli egri bolansoň,
wepalymyş mätäçler,
toba edýän utulyp,
Alla diýip oturan,
arak içen ýa çeken,
çekilmesiz artybyy,
gowumyşyn öz bagtyn,
çaga bagtyn ýatyran...
Ýazsaň, erbet gylyga
garşy çyksaň, tutjakmyş,
çöplejekmiş gaçany,
ýurt taşlany getirip,
zyndanyna atjakmyş...
Gowumyşyn tabynlar,
aýdym aýdýan öz-özün,
goşgy ýazýan öz ilin
itip nirde peslige,
gulluk edýän meslige...
Erbetmişin pidany,
Ezileni goraýan,
ýa aýdýanlar çynyny,
pyçak urýan arkadan,
halka garşy işlere
garşy çykýan duşmanmyş,
kim ynana bu söze,
pidalarmy, ezýänmi,
iki ýüzli, müň müýnli...
Bu Saparyň petigi,
şanly petik, iselesep,
ganly petik aslynda,
garyp millet gowumyş,
salan jaýy ýykylan,
türmä düşen üçden bir,
ýa bozulan maşgalalar,
ýetim çaga gowumyş,
içi arly, kitüwli,
ulalar hem köpeler,
höwes etseň, dowam et,
köşk dermany içinde,
batgalykda, çümülen,
it diý çynyn aýdana,
üýren kerwen geçende...