Türkmen bolsaň
Bäbejigiň, düýn-öňňinem gundalan,
emedeklän gorka-ürke soňundan,
ýörjen-ýörjen boljagyna hä diýmän,
ynanyşyň ýaly ynan adama,
ynan, bende ýöremegi öwrener,
ynan, ynsan ylgamagy öwrener,
büdürär, ýykylar, çürkener, aglar,
ýöne hökman diňip, gider ýoluna,
sen, başarsaň, goluň uzat entäne,
emma eger-eger badyny alma,
ýeňsesinden itme, eliňden gelse,
ýa ýaralap gülme, diliňden gelse,
sebäbi kän örän bady alynan,
belki, ady, hem şöhrady alynan,
salynan kän galyplara, kerpiç dek,
sylanan däl, dalanan kän milletde,
galar ýaly ömür-ahyr minnetde,
kine bilen gep-gürrüňe bulaşyp,
ýöne adam okamagy öwrener,
kitaby däl, adamlary has gowy,
öwrener ýazmagy ene-atasy,
ýa mekdebi bolsa mekdebe meňzeş,
ýa-da özi haýsy asyr, nä zaman,
ýaşaýanyn akylynda aýlasa,
ýa düşünjek bolsa iline, halka,
bolşewigiň ädiginiň pidasy,
sowet mekdebinde benisi ýuwlan,
gynanma ursalar türmede kowlap,
öz-özüni türmä salan adamlar,
ýigrenme sen ykbalyňy hiç haçan,
ýigrenme adamy, maňlaý-da diýip,
elini goýberen zulum öňünde,
tutluşmagyň deregine jan üçin,
aslyşmagyň deregine aýy dek,
ýigrenme sen durmuşyny ynsanyň,
ejiz diýip, düşýär diýip aşaga,
urýar diýme çöp-çalama, hemmäni
çekjek bolup öz deňine, elbetde,
düşünjek bol, näme boldy olara,
ilki durman, bir-birini ýok edip,
millet nädip gelýär gelmeze gidip,
eger bir gün galjak bolsa dyzyna,
sen näme et, näme etme ýalňyşyp,
ýöne sögme türkmen bolsaň hiç haçan,
hiç adamyň ogulyna, gyzyna.