Adamyň wezipesi
‘I am the enemy you killed, my friend...' Wilfred Owen
Sen özüňi goramaly,
goramaly ojagyňy,
diňe özüň, ýakynyň däl,
goramaly günäsizi, başarsaň,
goramaly mertebäňi, ýazyjy,
žurnalist ýa şahyr bolup dogulsaň,
ýa-da boljak bolsaň galamly adam,
ýa-da hudaý beren bolsa bu işi,
soraman gerekmi, gerek däl diýip,
eger alla islän bolsa, ap-aňsat
eçilerdi kaýyllygy, al diýip,
bermändirmi, diýmek, sebäbi bardyr,
ýazan bolsa ýüregiňe galamsyz,
diýen bolsa iş adamy bolmaly,
sözüniň yzynda durýan hemişe,
a durmasa, özün iýýän her agşam,
sen özüňi gömüp bilmeseň diri,
eliňe pil, kepje alyp, howlukmaç,
bolan bolup iliň, köplügiň biri,
beýik-pesi gömjek başarsa ilki,
deňleşdirjek öz deňine bolmanda,
bolmaz ýaly ýeke, özüne gülki.
Sen özüňi goramaly,
goramaly günäsizi, başarsaň,
duşman diýip öldürýänçä birleri,
ýa-da hudaý aýryp zyňýança ýoldan,
tebigatyň kanuny bu, galan ýok,
özüni ýa başga birlerin aldap.