Migrant işçiniň içgepletmesi

Çagalykda gorkan bolsaň,
ýa-da gorkup dogulmakaň,
sakaw bolsaň doga, başdan,
ýa bilmeseň näme boldy,
aýdyp bilmän ýeke sözi,
gülki bolsaň ýakyn, ýada,
ilki dogan, soň keseki,
gülse ýa-da güler diýip,
gürleňgüjük, özüň gömüp,
gizlenip ýaşasaň, göýä,
başgadan däl, özüň-özüňden,
geplemejek bolup dymsaň,
hiç diýmejek bolsaň sözüň,
dile gelen, gülki etjek,
ejeň, kakaň bolsa gömük,
ýa-da işi başdan agdyk,
sebäbi ýurt alan-aldy,
a jemagat uçdantutma
hassa bolsa, hudaý diýip,
dilujundan, imany ýok,
ýaşulusy kiçi bolsa,
ýa dar bolsa alymlary,
ikilikçi sapak berse,
çüýrükbaşy bolsa başlyk,
ýok ýerinden gelip açlyk,
para berip, para alyp,
ýalan sözläp, ýaşasa il,
başyň alyp gaçsaň, gitseň,
başyň aşak, ýat illerde,
ýat, kesekä hyzmat etseň,
doktora äkitse aga,
sakaw diýip gülmä derek,
aglamazmyň misli çaga?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024