Surat

Ýagşylyk duzagy

Ýagşylygyň, ähli bilim, düşünjäň,
iňňe bilen guýy gazyp ýygnanyň,
ynanjyňy aýagasty basgançak
edinmekçi bolan soňuna çenli,
ýok, dur diýseň, süpür diýseň köwşüňi,
ýa ýuw diýseň eliňden öň ýüregiň,
paýlaşmankaň saçagyňda çöregiň,
ýa soň tanap, sessiz gyra çekilseň,
arlar, aýdar agza gelen sözüni,
howpsuz bilse çykan, dyrmaşan bagyn,
gör diýýän dek, aç diýýän dek gözüňi...

Dil öl ýere biten zatdyr, ne diýmez,
il derdini bilýän, aýdan hemişe,
bölekleýin açyp kartyn eldäki,
näçe öwsün öz niýetin, pälini,
seret, melhem däl-de, zeherli çüýşe,
awy bolup çykar, gygyrsa gaty,
nadaralyk etse ýüzüne alman
görnüp duran säwliklerin, hatasyn,
diýme bolýar, belki, soňra düzeler,
ýa ýalňyşyn sapak ediner adam,
ýagşylygyň, bişen gawun mysaly,
garpyz ýaly, sürmekiniň sakçysy,
ýa eýesi bolup tejen düzünde,
hödür etme, eltip paýlama ýada,
ýa ýakyna, görnüp duran niýeti,
gamyş çatmaň otlanmanka pikir et,
il bolmasyn diýseň gar ýagan peti...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026