Bir türkmen

Bir türkmen ýat ilde işe gantaýar,
öz ilinde işden çykarypdyrlar.
Bir türkmen ýat ilde gije ýatmaýar,
öz ilinde gaty ýekiripdirler.

Günäsi -- sözüni diýjek bolupdyr,
iň ýamany, pikir edipdir başga.
Ykbal onuň ýaňagyna çalypdyr,
düşme diýip soňy gelmejek yşga.

Bir türkmen ýat ilde endik edinýär,
gara gaýgysyny basmaga ýalňyz.
Gözleri çöňňelýär, huşy kütelýär,
her geçen gün goýýar ýüreginde yz.

Bir türkmen dert üste derdi gatlaýar,
gaýdyp watanyna gitmejek ýaly;
Bir türkmen ýat ilde işe gatnaýar,
şeýtse ýoldan azyp, ýitmejek ýaly…

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024