Žurnalistiň öldürilişi
In the last three years, 130 journalists have been killed and 300 have been imprisoned for their work. Amal Clooney
Žurnalisti diňe döwlet başynda,
bozuklyk başynda oturanlar däl,
MHM däl, milletiniň ýerine
milleti ezýäni goraýan günde,
IIM başlygy, DIM başlygy, elinde
sähel güýji bolan nyşana alar,
ýa elinde güýç bolmagyn arzuwlan,
ozal güýji bolan, belki, azajyk,
güýçli ornuň tagamyny dadanlar,
ýa bal tutup, ýalap gören barmagyn,
arasy bolmadyk hakykat bilen,
arasy bolmajak açyklyk bilen,
ýüzi gara boljak aýdyňlyk bolsa,
ýalançy, donuny geýen hukukçyň,
liberal, žurnalist, ýazyjy, şahyr,
bankirler, pul ýuwýan gerek bolanda,
diplomatlar, aýlygyna wepaly,
bozuk adamlaryň bary, beýik, pes,
goýmak üçin hyzmatynda özüniň,
ýa bolmanda biraz dymdyrmak üçin,
ilki žurnalisti nyşana alar,
özüni bolmasa, adyny onuň,
çagalaryn, garry ene-atasyn,
hassa edip, ýykmak üçin ajaly
ýeten ýaly, gelen ýaly hudaýdan,
žurnalisti kimler nyşana almaz,
iň bolmanda passiw agressiw, sada,
bilmezlige salyp, görmedik bolup,
daşyndan seretseň hemmesi adam,
kime ynanmaly, bilip bilmez ol,
kä ölesi geler, ölüp bilmez ol,
hemem ömri günde näçe gädiler?
Žurnalisti diňe döwlet öldürmez,
bu iş gaty köplük bolup ediler.